logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝER ÝÜZÜNDE PARLA ÝAŞYL BAÝDAGYM!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýer ýüzünde parla ýaşyl Baýdagym!» ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy,

Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň Garaşsyz,baky Bitarap Watanmyzyň buýsanjy bolan mukaddes ýaşyl baýdagymyzyň şeýle hem biziň Bagt Kanunymyz bolan Konstitutsiýamyz hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, olar biziň ýaşyl Tugumyzyň ýer ýüzünde buýsanç bilen pasyrdap, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny ýer ýüzüne jar edýändigi, Bagt Kanunymyzyň bolsa her bir adamyň bagtyýar durmuşyny goraýandygy barada durup geçdiler.

Olar söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.