logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝER ÝÜZÜNDE ÝAŇLANÝAR PARAHATLYK AÝDYMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýer ýüzünde ýaňlanýar, parahatlyk aýdymy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirildi.

Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde parahatçylygy ösdürmek, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, umumyadamzat bähbitlerini öňe sürmek asylly maksatlarymyza öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylygy asylly ýörelge edinýän halkymyz bu günki günde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik ýoluny dünýä ýaýýan beýik gymmatlygydygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.