logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÝEREWAN: MEDENI ÇATRYK» ATLY HALKARA MASLAHATY

27-nji noýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Ýerewan: medeni çatryk» atly halkara maslahat öz işine başlady.

Bu foruma ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri bilen birlikde, ondan gowrak ýurduň wekiliýetleri ýygnandy. Bu çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri hem gatnaşýar.

Matenadaran şäherindäki Maştots adyndaky gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutynda halkara konferensiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaradan soň, 2005-nji ýyldaky Konwensiýany durmuşa geçirmegiň netijelerine we mümkinçiliklerine bagyşlanan umumy mejlis öz işine başlady. Mejlisiň maksatnamasy sanly döwürde döredijilik pudaklarynyň ösüşi we medeni beýanyň aýratynlyklary baradaky pikir alyşmalary öz içine aldy.

Ermenistan Respublikasyna saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Matenadaran muzeýine baryp, gadymy golýazmalaryň özboluşly toplumy bilen tanyşdy.


Maddy däl medeni miras müdirligi