logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YHLASLY ÝÜREK-HÜNÄRLI ELLER

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde gurnamagynda «Yhlasly ýürek-hünärli eller» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çagalar otaglaryny özleriniň kagyzdan ýasan “sungat eserleri” bilen bezemek has-da täsirli bolýar. Kagyzdan dürli zatlary ýasamak çagalar bilen bir hatarda ulular üçin hem gyzykly güýmenjedir. Eýsem, kagyzdan nämeler ýasap bolar? Kagyzdan dürli görnüşli diwardan asylýan bezegleri, kebelek, gül, ösümlikdir jandarlaryň şekillerini, howa şaryny, we ş.m zatlary ýasamak mümkin. Zähmetiň bu görnüşi çagalarda has uly täsir galdyrýar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpeje nesillerimiziň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.