logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda biziň ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň zähmetine döwletimiziň örän ýokary baha berýändigini aýdyň görkezýär. Oba hojalygyna we hasyl toýuna bagyşlanan sergi üç bölümden ybarat.

Serginiň birinji bölümi Türkmenistanda ekerançylygyň ýüze çykyşyna we ösüşine, ýagny Merkezi Aziýada ilkinji oturymly ekerançylygyň taryhyna bagyşlanýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatarynda gadymy Jeýtun obalarynda ilkinji ekerançylygynyň ýüze çykmagy möhüm taryhy wakadyr. Gadymy ekerançylyk ýerlerinde tapylan owguçlar, soky we soky daşy, oraklar, hasyllylygyň nyşany bolan zenan heýkeljikleri ekspozisiýalaryň witrinalarynda görmek bolýar.

Serginiň ikinji bölüminde biziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Fotosuratlar we suratkeşleriň çeken suratlary türkmen topragynyň sahylygyny wasp edýärler. Altynbaş gallany, «ak altynly» meýdanlary, bakja ekinlerini, şeýle hem sahy türkmen topragynda ýetişdirilýän miweleri we gök önümleri beýan edýän haly-pannolar sergä aýratyn öwüşgin berýär. Sergide ak bugdaýyň desseleri we inçe süýümli pagta hem-de ýüpek gurçugynyň pileleri bilen doldurylan horjunlar bezeýär. Şu ýerde ussat zergärleriň işleri hem goýlupdyr. Olar pagta düýpleri, bugdaý sümmülleri, üzüm hoşalary we başga miweleri bezeg daşlardan we metallardan taýýarlanan önümlerdir.