logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YLHAM ÇEŞMESINDEN DÖREDIP MUKAM BITARAPLYK TOÝUN TOÝLAÝAR MEKAN

Lebap welaýat kitaphanasynda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat geňeşi bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Ylham çeşmesinden döredip mukam, Bitaraplyk toýun toýlaýar mekan” ady bilen maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlaryndan gözbaş alan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan belent buýsanjyny barha beýgeldýär. Halkymyz Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli baýramymyz bolan baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçýär. Ýubileý toýumyzyň şanyna şu günler baýramçylyk mynasybetli geçirilýän baý mazmunly çäreleriň yzy üzülenok. Maslahatda Güneşli diýarymyzda parasatly pederlerimizden miras galan parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri ýer ýüzünde dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmäge goşýan goşandynyň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülip, ýurdumyzyň taryhy senenamasynda mäkäm orun tutan bu baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip çykyş edenler aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de kitaphanada guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Her bir çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdylyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.