Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Arkadag şäheriniň geňeşliginiň, Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda «Ylham joşguny» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjy ýaş ýazyjy-şahyrlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragyny hem-de Diýarymyzyň gözel künjeginde kemala gelen Arkadag şäherini, ajaýyp asuda parahat ýurdumyzy wasp edýän goşgulary bilen täsirli çykyş etdiler.
Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşen baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilik döredilýär.
Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzda ýaşlaryň kämilleşmegi hem-de özleriniň zehinini, ukyplaryny açyp görkezmek üçin mümkinçiliklerini döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.