logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YLHAM, UKYP, NETIJE...

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda sungat ojagymyzyň mugallymy, suratkeş Kerim Berdiýewiň “Parahatçylyk bagtyýarlygyň çeşmesi” atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Tomaşaçynyň öňünde gözel türkmen tebigaty. Belent daglar, ýaşyl öwüsýän baglar, mylaýym owaz edip dag eteklerinden akýan dury suwly çeşme... iň esasy aýratynlyk bolsa, şol şekilleriň günüň dürli wagtynda ýerine ýetirilmegi. Ynha suratkeşiň özboluşly ajaýyp dünýäsi. Peýzaž her bir suratkeşiň ýüzlenýän žanry. Ýaş zehin Kerim Berdiýew peýzaža döredijiliginde uly orun berýär. Peýzaž işlerinde perspektiwanyň gurluşyna, atmosferanyň ýagdaýyna, howa we ýagtylyk gurşawyna we olaryň üýtgemegine aýratyn ähmiýet berýär.

Suratkeş ene tebigatyndan şeýle bir ylham alýar welin, ol eserlerinde tebigatyň hereketini duýdurmagy başarýar. Bu inçe synlamalaryň hemmesi peýzažlarynda takyklyk bilen öz beýanyny tapýar. Tomaşaçylar onuň eserlerde asmanyň we gün şöhlesiniň öwüşginleriniň ajaýyp utgaşmasyny tapýar. Iň ýönekeý sahnalara seredende-de, gözelligi görüp, çuňňur duýgulary başdan geçirmek mümkin: belent gaýalar, dag etegi, ak öýleriň syrgyny, ýaşyl öwüsýän agaçlar. Esasanda, şapagyň özüne maýyl edýän keşbine suratkeşiň eserlerinde birnäçe gezek gabat gelmek bolýar. Onuň “Ýagtylyk”, “Günüň ýaşyşy”, “Pursat. Gökdepe köli”, “Güýz peýzažy” atly eserleri bu aýdylanlara mysaldyr. Kerimiň ýiti, çalt çotgalary ýagtylygyň, reňkleriň hereketini yzarlaýar.

Nakgaşyň eserlerine syn edeniňde, isleseň-islemeseň impressionistleriň tehnikasy hyýalyňda janlanýar. Impressionist üçin duýgulary görkezmek möhüm wezipe. Kerim Berdiýewiň eserlerinde hem impressinizmden täsirlenme aç-açan duýulýar. Sebäbi öňümizde çalasyn tehnika we zordan görkezilen şekiller bilen häsiýetlendirilýän tebigat bar. Onuň “Garrygala” etýud toplumy, “Köýtendagyň gözelligi”, “Gurtly köli”, “Ýanbaş”, “Gyş pasly”, “Peýzaž”, “Sekiz ýap” ýaly işlerinde gözel türkmen tebigatynyň dürli künjekleri beýan edilýär.

Suratkeşiň eserleriniň arasynda tondo göwrümli taslamalary görmek bolýar. Tondo-tegelek göwrüme esasan, Beýik Galkynyş döwrüniň ussatlary köp ýüzlenipdirler. Bu şekil e serlere dolulyk we bütewilik duýgusyny berýär. Eseriň dinamiki we deňagramlylyk täsiri, esasy görkezilmek islenýän şekiliň öňe saýlanmagy, monumental häsiýet suratkeşiň tondo göwrümli eserlerine mahsusdyr. “Derekleriň öwüşgüni”, “Ýaz ýagşyndan öň”, “Ýeke bägül”, “Täze duýgy” ýaly eserleri bu aýdylanlara esas bolup biler. Bu eserlere üns bersek, tegelegiň içinde eseriň her elementi merkezde aýlanýan ýaly ünsi çekýär.

Ýaş nakgaş Kerim Berdiýewiň özboluşly döredijiliginde diňe peýzaž däl, natýurmort, portret, gündelik durmuşy we taslama eserleri hem bar. Olaryň her biri suratkeşiň irginsiz gözlegleri we täzeçillik garaýyşlaryndan doly. Ol elmydama gözlegde. “Günortan”, “Ýatlamada” ýaly eserlerine seredenimizde asudalyk göz öňümizde janlanýar. Eserde şekillendirilen gumrular päkligiň, wepalylygyň, agzybirligiň we söýgüniň nyşany. Gumrularyň her biri dürli hereketde, bu esere hereketlilik duýgusyny berýär. Galyň reňk gatlaklary, iri çotga urgulary, reňk öwüşginini palitrada garman, tegmilleriň üsti bilen bermegi başarýan suratkeşiň her bir eseri şowly çykýar. Onuň ýerine ýetiren eserlerinden suratkeşiň eliniň aýratynlygy duýulýar.

Ýaş mugallym, zehinli nakgaş, ukyply we işjanly Kerim Berdiýewiň giň dünýägaraýşy, baý döredijiligi onuň geljekde türkmen suratkeşleriniň arasynda abraýly orny aljakdygy, mundan-da beýläk, talyplara ylham we nusga alarlyk eserleri döretjekdigi şübhesizdir.

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy