logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylmy maslahat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr”, ”Türkmenistan”, “Aşgabat”, ”Miras” teleýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde geçirilen “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşan Azerbaýjan döwletinden gelen myhmanlar we kitaphana işgärleri, ýurdumyzyň ýazyjy- şahyrlary ylmy maslahat we kitaphana gowşurylan kitaplar dogrusynda täsirli çykyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.