logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylmy-usuly okuw sapagy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy-usuly bölümi tarapyndan “Sanly ulgam döwri we ylmy-usuly gollanmalary düzmekligiň täze mümkinçilikleri” hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi tarapyndan “Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak” atly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi.
Usuly okuw sapagyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Ylmy-usuly hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüňler berildi hem-de sorag-jogaply bäsleşik gurnaldy.
Okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.