“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda döwletimiziň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýa döwlet sapary gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýdyň görkezdi.
Prezident Mihail Kawelaşwili, Premýer-ministr Irakliý Kobahidze bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar, Türkmen-gruzin işewürlik maslahaty, ýurdumyzyň önümleriniň sergisi, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilkinji Medeniýet günleri — bularyň ählisi biri-biriniň üstüni ýetirip, döwlet saparyna baý mazmun berdi, hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açdy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekilip, olar daşary işler, ykdysadyýet, maliýe gözegçiligi, saglygy goraýyş, bilim, senagat, deňiz we demir ýol ulaglary, medeniýet, teatr, muzeý, kitaphana, konserwatoriýa ýaly ugurlara degişlidir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çarçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi çygrynda Özara ähtnama hem kabul edildi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy usuly we Bibliografik bölüminiň bilelikde guramaklarynda kitaphanaçylaryň arasynda “Ylmyň özeni kitap” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler kitaphanalaryň ýakyn aragatnaşykda bolmagy, okyjylara hyzmat etmegiň usullaryny kämilleşdirmek, sergileri guramak, iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserlerini okyjylara ýetirmek barada, şeýle hem, 2027-nji ýylda dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna goşant goşan gruzin ýazyjysy Ilýa Çarçawadzäniň hem-de beýleki ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýýarlamagy maksat edinip, bu işleriň iki döwletiň kitaphanalarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi hakynda nygtadylar.