logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylmyň we tehnologiýalaryň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň-bilimiň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Ylmyň we tehnologiýalaryň mekany” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanada ýerleşdirilen häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan elektron katalog ulgamynyň hereket edýändigi, şeýle-de kitaphanada obserwatoriýa bolup, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiliginiň döredilendigi barada mundan başga-da bu ýerde Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlarynyň zaly, Sungat zaly, Oba-hojalyk edebiýatlarynyň zaly, Çagalar üçin okalga zaly, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda bezelen ýaşulylar üçin okalga zalynyň ýerleşdirilendigi dogrusynda bellenip geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp Arkadag şäherinde işlemäge, ýaşamaga döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.