logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler- ösüşiň özeni

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy kitaphana işgärleri bilen ylym-bilimiň ösüşi, ýaş nesilleriň terbiýesi dogrusynda ýazgy edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem uly ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap orta we ýokary okuw jaýlary, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulyp ulanylmaga berilmegem munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny ylmy –usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap ylymly-bilimli edip terbiýelemekde, kitaby dost tutunmakda kitaphanaçylaryň hem paýynyň uludygy dogrusynda kitaphana işgärleri çykyş etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.