Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolmagynda uly aladalar edilýär. Ýurdymyzda her ýylyň 12-nji iýun Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi –atly kitabynyň “Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar“ atly bölümde ylym-bilim barada şeýle belläp geçýär “Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylymyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we ýaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr” diýip belläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.