logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YLYM – EŞRETLI WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym – eşretli we bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen maslahatyny geçirdi.

Maslahata Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyşlarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagy ugrunda ähli amatly şertleriň döredilýändigi, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi.

Gatnaşyjylar çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Ylym ösüşleriň ganaty» atly guralan kitap sergisine syn etdiler hem-de ýurdumyzda döredilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.