logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YLYM GYMMATLY BAÝLYKDYRYLYM GYMMATLY BAÝLYKDYR

YLYM GYMMATLY BAÝLYKDYR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem-de «Türkmenistan:Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym gymmatly baýlykdyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ylym-bilim jemgyýetiň ösüşiniň esasy sütünleridir. Ylym we bilim her bir adamyň, milletiň hem-de bütin adamzadyň durmuşynda möhüm gymmatlyklaryň biridir. Ata-babalarymyz gadym döwürlerden bäri bu gymmatlygy mukaddeslik hasaplapdyr. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermek ýörelgeleri gadymdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu ulgamy ösdürmekde amala aşyrylýan işler biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar diýip uly buýsanç bilen söhbetlerinde nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.