logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SEBITIŇ RUHY WE MEDENI JEBISLIGINE TÄZE ÄDIM

Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän bu halkara çäre medeni-ynsanperwer we ruhy ähmiýete eýe bolup, geljekde umumy medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berer.