logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YLYM ÖMRÜŇ BINÝADY

Türkmen halky hemişe ylyma, bilime, kitaba aýratyn sarpa goýup gelipdir. Aslynda adama göwher ýaly gymmatly baýlyklaryň dördüsi sowgat berlenmiş. Iman, akyl, ylym, sahawatlylyk. Bular ynsan tebigatynyň bezegi saýylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet, adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlyklarydyr.

Bu günki gün täze taryhy eýýamymyza-da ýaş nesliň ylym-bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdymyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda ylmyň, tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlara ylym dünýäsinde-de giň ýol açýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip baýram edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda uludan bellenilýän ylymlar güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen «Ylym ömrüň binýady» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Diýseň ýatda galyjy pursatlara baý bolan sergä Türkmenabat şäherindäki Maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň mugallymlary we talyplary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Şeýle-de, ýurdumyza ylymly-bilimli ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlaryny beýan etdiler.

Gülälek BATYROWA
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň işjeň agzasy.