logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YLYM RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ylym röwşen geljegimiziň binýady» atly duşuşyk geçirdi.

Türkmen halky ähli döwürde ylym-bilime aýratyn hormat goýup gelipdir. Nusaý, Dehistan, Şähryslam, Amul, Köneürgenç, Merw ýaly şäherlerde dünýä meşhur ylmy merkezleriňdir, kitaphanalaryň köp sanlysy bolupdyr. Bu medeni ojaklarda diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem dünýäniň çar künjeginden gelen alymlar hem ylmyň dürli ugurlary boýunça işläpdirler. Olar özleriniň ylmy açyşlary, pelsepewi pikirleri bilen umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleriniň talyp ýaşlara beren gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ylmy esasda ählitaraplaýyn ösdürmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.