logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YLYM – YNSAN BAÝLYGY

Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 12-nji iýuny Ylymlar güni bellenip geçilýär. Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Ylym – ynsan baýlygy» atly sergi gurnady.

Ylymlar gününe bagyşlanan sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde tebigat ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar giňden görkezilýär. Bu ýerde mikroskop, barlaghana enjamlary, Türkmenistanyň çäginden gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary bolan: hek daşlary, mermer oniks, halsedon, kükürt, selestin, angidrit, gips we başga mineral daşlar görkezilýär. Serginiň dowamynda gadymy haýwanlaryň daşlaşan galyndylaryny öwrenýän paleontologiýa ylmyna degişli eksponatlary hem görmek bolýar. Olaryň arasynda ammonitler, balykgulaklar, deňiz kirpiler, daşa öwrülen agajyň böleginiň gadymylygyna garamazdan biziň şu günlerimize ýetip gelendigi, sergä tomaşa etmäge gelenleri haýran galdyrdy.

Serginiň ikinji bölüminde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agdaryş işlerinden dokumental foto suratlary we ýurdumyzyň çäginden tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy, täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperçiligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar görkezilýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professоrу, jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň kafedra müdiri Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň Döwlet çереrçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa gatnaşdylar. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.