logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ylymlar ojagy – kitaphanalar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanalarda alnyp barylýan işler, okyjylara edilýän döwrebap hyzmat dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem kitaphana ulgamynyň ösüş binýadynyň aýratynlygy, dürli ugurlar boýunça gelýän okyjylarymyz üçin hereket edýän sanly ulgamynyň işleýşi, onuň kitap hazynamyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini, dürli pudaklar boýunça ýerleşdirilen kitaplary okap bolýandygy hem-de bu kitaplaryň audio ses ýazgylaryny diňlemek mümkinçilikleriniň hem döredilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy kämil düşünjeli, giň dünýä garaýyşly, sanly ulgamlaryny başarnykly peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Kitaphana işgärleri söhbediniň soňunda özleri üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.