Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda “Ylymly-bilimli we terbiýeli nesil-ýurduň daýanjy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar hakynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barha rowaçlanýandygy, döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi we olaryň belent maksatlarynyň rowaçlanýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary, hem-de bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýandyklary barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.