logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«YLYM–ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

«YLYM–ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan «Ylym–ösüşleriň binýady» ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, mundan başga-da ylym-bilim bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny tapmaklyga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.