logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

YNAMLY GATNAŞYKLAR- SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda «Ynamly gatnaşyklar- sazlaşykly ösüş» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlige Mary welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri şeýle-de Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory we Mary etrap merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýylda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmegi öňe sürýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem bellenilýär. Awgust aýynyň 4-8-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň möhümligi onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çärelerinde şöhlelendirilen. Şeýle çäreler ähmiýetli gepleşikleriň geçirilmegine şert döredip, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze binýadyny emele getirmäge goşant goşýar.

Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!