Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ynsan üşükli – göwher zynatly bedew» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige mirasy öwrenijiler, etnograflar we sungaty öwreniji ylmy işgärler, mugallymlar gatnaşdylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň behişdi bedewleri barada gürrüň etmek diýseň ýakymly boldy. Biz hem şol söhbetlerden galan täsirleri size ýetirmegi makul bildik.
Ahalteke atlary diňe bir türkmenleriň milli guwanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sähranyň hereket, tizlik we ruhy güýjüne eýe bolan gymmatlykdyr, türkmeniň medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Türkmenler ýaşaýyş-durmuşyny, tutuş milletini taryhyň synaga salan pursatlarynda hem bedewinden elini üzen däldir. Ol, gaýtam, özi heläk bolsa-da, bedewini halas edendir» diýip, jaýdar belleýär. Ynha şu aýdylanlardan hem mälim bolşy ýaly, halkymyz bedew atyny iň ýakyn hossary derejesine ýetiripdir.
Ahalteke atlarynyň döreýiş taryhy müňýyllyklary öz içine alýar we ähmiýeti taýyndan adaty atçylykdan has ýokarydyr. Ahalteke bedewleri türkmeniň mele topragynyň mährini süňňüne siňdirip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. Halkymyz gözüniň üstündäki gaşyna deňän atlaryny hem çeper sungaty bilen döreden esbaplary, şaý-sepleri bilen ýokary derejede bezäpdir.
Uz ýörüşli atlarymyz üçin haly-palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek ýaly el işlerine ussat ene-mamalarymyz haly horjunlary, atyň üstüne ýapylýan ýapynjalary, bökdergileri dokapdyrlar. Bu hünärler häzirki wagtda hem kämil we döwrebap röwüşde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. At esbaplary we onuň bezeg şaý-sepleri demirçi ussalar, gön bilen iş salyşýan hünärmenler hem-de hünärine ussat zergärler tarapyndan nepislik bilen ýerine ýetirilipdir. Demirçi ussalar, atlaryň nallaryny, üzeňňisini, dürli tokalary, gön bilen iş salyşýan hünärmenler atlar üçin jylawlary, kellekileri, gamçylary, eýerleri ýasapdyrlar. Zergärler atlaryň beýleki bezeg şaý-seplerini kümüşden ýasap, ýüzüne altyn suwuny çaýypdyrlar.
Häzirki täze taryhy döwrümizde ahalteke bedewleriniň sarpasy dünýä derejesinde has belende galdy. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezedi.
At: «ýyksam samandanam ýumşak ýere ýykaryn, pälim-niýetim gowy. Şonuň üçin meniň agynan ýerimde toý bolar» diýermiş. Her daban ýeri taryh bolup ýatan topragymyz türkmen bedewleriniň agynan topragy. At agynan mukaddes topragymyzda, eziz Diýarymyzda toýlar uludan tutulsun. Milli gymmatlyklaryň mesgeni bolan mähriban Watanymyzyň baý we kämil mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde ýörelgelik ýoly döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, illeri aman bolsun. Baky bagtyýarlyga beslenen ýurdumyzyň at-abraýy dünýä dolsun.
Ogultäç Hojanazarowa,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.