logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YNSANPERWERLIK GATNAŞYKLARY HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAR

2025-nji ýylyň 12-16-njy noýabry aralygynda Merkezi Aziýa döwletlereiniň Baştutanlarynyň Ýedinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde täze gurlup, ulanylmaga berlen Yslam medeniýeti merkezinde geçirilen halkara ylmy kongresine we onuň dowamyndaky medeni-ynsanperwer ugurly dürli çärelere gatnamak üçin medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, ýazyjy-şahyrlardan, metbugat we teleradio žurnalistlerinden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden ybarat topar Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldular.

Saparyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Yslam medeniýeti merkezinde muzeý gymmatlyklarynyň sergi zallaryna gezelenç etdiler, soňra bu merkezde geçirilýän «Merkezi Aziýa: bir ruh – aň-bilim mirasy we umumy geljek» atly halkara kongresiň dabaraly açylyş maslahatyna gatnaşdylar. Halkara forumyň açylyş dabarasynda Yslam medeniýeti merkeziniň gurluşygy hem onuň muzeý gymmatlyklarynyň aýratynlyklary barada dokumental filme tomaşa edildi. Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini hormatly Ş.M.Mirziýoýewiň halkara Kongresine gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Soňra halkara ylmy Kongresiň açylyş dabarasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň degişli ministrleriniň, şolaryň hatarynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň çykyşy diňlenildi.

Halkara kongresiniň açylyş dabarasynyň ikinji bölümindäki maslahatynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň Ylymlar akademiýalarynyň prezidentleriniň, ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, Ýazyjylar, Suratkeşler birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň, türkmen wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy medeni-ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mämmedow çykyş etdi.

Meýilnama laýyklykda kongresiň bölümçelerinde Merkezi Aziýa döwletlerinden hem-de Azerbaýjan Respublikasyndan bu halkara ylmy çäresine gatnaşýan taryhçy we edebiýatçy alymlaryň, kino, muzeý hem-de kitaphana işgärleriniň, suratkeşleriň, ýazyjy-şahyrlaryň, metbugat we teleradio žurnalistleriniň, ýaşlaryň ylmy-döredijilik duşuşyklary geçirildi. Olarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy medeni-ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň ýolbaşçysy M.Mämmedowyň, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory G.Ýangibaýewanyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary L.Şamyradowanyň çykyşlary diňlenildi.

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Yslam siwilizasiýasy merkezinde geçirilýän halkara kongresiniň bölümçelerinde «Taryhçy alymlarynyň II forumynda» belli taryhçy, arheolog, etnograf, edebiýatçy alymlaryň çykyşlary, şolaryň hatarynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň arasyndan «Maddy medeniýet we ruhy miras» atly bölümde Türkmen döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy M.Çaryýewiň, şol muzeýiň hünärmeni G.Çaryýewiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri J.Ezimowanyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri N.Ataşowaynyň, suratkeşleriň we amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň «Beýik geçmiş – beýik geljek» atly forumynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň ýolbaşçysy Ç.Ýazmyradowyň, «Ýaşlar we sanly eýýäm: gadymy golýazmalardan emeli aňa çenli» atly forumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri B.Meredowyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni A.Mämmetnazarowanyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni G.Atabaýewanyň, «Medeni–aň-bilim teleýaýlymlary: täze formatlar we halkara media hyzmatdaşlyk» atly forumynda «Nesil» gazetiniň jogapkär kätibi O.Myradow çykyş etdi.

Şol gün halkara ylmy Kongresiniň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň kino we telewideniýe işgärleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Dokumental filmler, kino sungaty we Merkezi Aziýanyň gözi bilen medeni gymmatlyklar» atly forumyň çäginde «Renaissance» kinoteatrynda «Magtymguly Pyragy», «Kitap», «Gyzyl kürte» atly çeper we dokumental filmleriň, şeýle hem «Cinematica» kinoteatrynda «Uzbekfilm» kinostudiýasy tarapyndan surata düşürilen «Emir Timur we Donna Marina» atly kinofilmiň ilkinji görkezilişine gatnaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň suratkeşleriniň bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň ýolbaşçysy Ç.Ýazmyradow Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň altyn medaly bilen sylaglandy. Soňra türkmen wekiliýeti özbek halkynyň şöhratly ogly, hökümdar Emir Timuryň şanyna gurlan muzeýe hem-de nusgawy şahyry we pelsepeçisi Aýbegiň öý muzeýine guralan tanyşdyrylyş gezelençlerine gatnaşdylar.

Şol günüň ikinji ýarymynda Yslam siwilizasiýasy merkeziniň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Geljegiň mirasy» atly Halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistany Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulysy B.Annamyradowa milli sungatyň çeperçilik we amaly-haşam ugry boýunça «Geljegiň mirasy» atly Halkara baýragy gowşuryldy.

Şundan görnüşi ýaly, «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» halkara kongresine we onuň dowamynda geçirilen medeni-ynsanperwer ugurly dürli çärelere gatnaşan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärlerinden ybarat wekiliýetiň agzalary üçin bu iri halkara ylmy-medeni kongres özboluşly tejribe alyş hem-de hünär kämilligi üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Hünärmenler öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen ýurdumyzyň degişli ylmy institutlary tarapyndan arheologiýa ýadygärliklerinde ýüze çykarylýan gymmatlyklaryň esasynda şöhratly taryhymyzyň ylmy taýdan çuň öwrenilip, henize çenli mälim bolmadyk maglumatlaryň yzygiderli ylmy dolanyşyga girizilýändigini belläp geçdiler. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa we Azerbaýjan döwletleriniň halklarynyň arasynda medeni diplomatiýanyň ösdürilip gelnendigini öwrenmek üçin biziň ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigini buýsanç aýtdylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän eserlerinde beýan edilýän nusgalyk taglymatlarynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletler bilen ýakyn söwda, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň saklanandygyny ygtybarly golýazma, taryhy, edebi, arheologiýa we etnografiýa maglumatlarynyň subut edýändigi esaslandyrdylar. Mahlasy, bölümçelerdäki maslahatlarda türkmen hünärmenleri öz kärdeşleri bilen şöhratly taryhymyzy dikeltmek, milli edebiýatymyzy, kitaphana, muzeý, metbugat we teleradio žurnalistikasyny, kino, teatr, aýdym-saz sungatlarynyň taryhyny öwrenmekde hem-de geljekde bu ugurdaky işleri has-da baýlaşdyrmakda bilelikdäki meýilnamalary amala aşyrmagyň ähmiýeti we mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Halkara ylmy kongresine gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň teleradio ýaýlymlar we metbugat üçin interwýularyň ýazgylary edildi, internet saýtlary, metbugat sahypaly üçin habarlar, fotosuratlar we wideoşekilli görnüşler taýýarlanyp yzygiderli ýerleşdirildi. Halkara kongresine gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi hem-de ylym-bilimde gazanylýan täze açyşlary daşary döwletlerde wagyz etmäge, geljekde bilelikdäki meýilnamalary alyp barmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga döredip berýän şeýle giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize köp-köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň güýç-kuwwaty, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris!


Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty