logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

YNSANPERWERLIK WE PARAHATÇYLYK TÜRKMENIŇ MUKADDES ÝÖRELGESI

YNSANPERWERLIK WE PARAHATÇYLYK TÜRKMENIŇ MUKADDES ÝÖRELGESI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynda «Parahatçylyk, abadançylyk, agzybirlik-türkmen halkynyň baş ýörelgesi» ady bilen brifing geçirildi. Bu çärä Türkmen gündogary gazediniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri, türkmen edebiýatyny öwrenijiler, welaýatymyzyň tanymal şahyrlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alynyp barylýan, parahatçylyga daýanýan Döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgesiniň, metbugat sahypalarynda beýan edilişi, Beýik Pyragynyň döredijilik dünýäsi şeýlede häzirki zaman edebiýatynda ýaşlara adamkärçilik, watançylyk, millilik ugrunda terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan «Medeni mirasymyz-ruhy hazynamyz» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Halkymyzy bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.