logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde alabaýlaryň taryhyna, halkymyzyň durmuşyndaky ornuna bagyşlanýan tematik sergileriň geçirilmegi, arheologik tapyndylaryň we etnografik maglumatlaryň köpçülige ýetirilmegi, alabaýlary ylmy taýdan öwrenmekde hem-de wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan «Ynsanyň wepaly dosty – türkmen alabaýy» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide Döwlet muzeýiniň gaznalarynda aýawly saklanylýan türkmen alabaýynyň keşbi bar bolan gymmatlyklara aýratyn orun berildi. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.