Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli “Ýol düzgünlerini – hökman berjaý edeliň!” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler, ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe kada-kanunlaryň durmuşa geçirilýändigi hakynda belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.