logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝOL HEREKETIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda döwlet derejesindäki umumy çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly duşuşyk geçirdi. Ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny we howpsuz hereket etmeklerini gazanmak, köçelerde, şaýollarda, jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz, medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Çagalar bilen bagly ýol hadysalarynyň öňüni almak, mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpçin etmek babatda kanunçylygyň talaplaryny hormatlamagy we berjaý etmegi öwretmek bilen bagly kitaphana hünärmenleriniň döwletimizde çap bolup çykan degişli kitaplardan geçiren wagyz-nesihat işleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar baky bagtyýar diýarymyzda ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin beýik işleri amal edýän Hormatly Prezidentimizde alkyşlaryny beýan etdiler.