Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda, 145-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň!” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy -ömrümiziň rahatlygy” atly geçirilýän bir aýlyk çäre esasynda, ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalar üçin gurlan geçelgeler, ýoldan geçeniňde ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Şeýle-de okuwçylar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.