Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäher häkimligi, Arkadag teleýaýlymy, Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak halkymyzyň bagtyýarlygyna badalgadyr. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň geçirilmegi, raýatlarymyzyň ömrüniň howpsuzlygynyň kepili bolan ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaga gönükdirilendir. Bu çäre sürüjilerde-de pyýada ýolagçylarda-da ýol hereketiniň düzgünlerine jogapkärli garamak endigini terbiýeleýär - diýip, çykyş edenler bellediler.