logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň 7-nji çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýarlykda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw aýtdylar.