logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 130-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini has-da dogry we doly öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy, bu çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýollaryň howpsuz bolmagynda, halkymyzyň asuda, parahat durmuşyny üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedigi barada nygtap geçdiler we bu wajyp çärelerde çatryklary kesip geçmegiň, şeýle-de sazlaýjylaryň we düzgünleşdirijileriň ýok ýerlerinde köçeden geçmegiň düzgünleri hakynda, okuwçylara howpsuzlyk we seresaplylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmeginde belgileriň, suratlaryň, kompýuter ýazgylaryň ýaşlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gowy öwrenmeklerinde, doly we dürs berjaý etmeklerinde uly ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda hemişe raýatlarymyzyň rahatlygynyň üpjün edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilýän netijeli işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini atdylar.