logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝOLLARY NURLY - GELJEGI RÖWŞEN WATANYM!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» redaksiýasynyň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda «Ýollary nurly - geljegi röwşen Watanym!» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garabekewül, Saýat etrap birleşmeleriniň başlyklary gatnaşdylar. Çykyşlarda esasan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabarasynyň uludan tutulýan günlerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de ýaş neslimizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserleriniň uly ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykan alkyşlaryny beýan etdiler.