logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN!

Aşgabat medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde «Ýollarymyz asuda bolsun!» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda asudalygyň, parahatçylygyň mekany bolan ata Watanymyzda halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, olaryň ömrüni we saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bir aýlyk wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi, halkyň abadançylygynyň kepili bolup durýandygy, ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsyzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.