Mary welaýat kitaphanasynda syýasy–jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminiň gurnamagynda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada «Ýolumyza nur çaýýan eserler» atly talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşyk gurnaldy.
Maslahatda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de kitaphanamyzyň kitaphanaçylary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri barada, olaryň ýaşlara ýol ýörelge bolýandygy barada aýdyp geçdiler. Bu maslahat talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!