2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik komiteti (COMCEC) bilen «Syýahatçylykda sanly transformasiýa we emeli aň» atly syýahatçylyk forumynyň 14-nji mejlisine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekilleri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ösmegi bilen syýahatçylygyň bu görnüşi hem ösýär hem-de täze mümkinçilikleri döredýär. Bu geçirilen okuwlar Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (OIС) sebitinde sanly transformasiýanyň we emeli aňyň syýahatçylyga ýetirjek täsirini, mümkinçiliklerini we kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança boldy.