logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝUNISEF-iň TÜRKMENISTANDAKY WEKILLERINIŇ SYÝAHATY

ÝUNISEF-iň TÜRKMENISTANDAKY WEKILLERINIŇ SYÝAHATY

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratha Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldy. Welaýatymyzyň ykdysady ösüşleri, geçmiş taryhy, milli mirasymyzy açyp görkezýän muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri we ýurdumyzyň täsin tebigaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Myhmanda uly täsir galdyran, milli lybaslarymyzyň köpdürliligi we nagyşlary barada gürrüňler berildi.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Diwanynyň we daşary ýurtly agzalarynyň gatnaşmagynda gezelenç gurnaldy. Gelen myhmanlar muzeýiň zallary hem-de geçmiş taryhymyz bilen içgin tanyşdylar.

Gezelenjiň ahyrynda myhmanlar özlerinde galdyran täsiri beýan edip minnnetdarlyk sözlerini aýdyp, hoşallyk bildirdiler.