logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝURDUMYZDA BOŞ IŞ ORUNLARYNYŇ SERGI-ÝARMARKASY

ÝURDUMYZDA BOŞ IŞ ORUNLARYNYŇ SERGI-ÝARMARKASY

Lebap welaýat kitaphanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Ýurdymyzda boş iş orunlarynyň sergi-ýarmarkasy» atly çäre geçirdi. Bu ýerde welaýat kitaphanasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň sergileri guraldy we sergä bu edara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň maksady: Ylym, tehnologiýa, çeperçilik sungaty, mugallymçylyk we telekeçilik bilen bagly hünärler boýunça zerur maglumatlar ulgamynyň artykmaçlary bilen tanyşdyrmakdan, nusgawy iňlis edebiýatynyň kitaplarynyň sergisini hem-de ýurdumyzyň döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz milli sergisiniň görkezilişini guramakdan ybaratdyr. Çärä gatnaşyjylar şeýle sergi-ýarmarkalary geçirmeklige ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.