logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝURDUMYZDA GÜÝZKI ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

Ýurdumyzda, asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlikde geçirilýär. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda edilýän tagallalardan habar berýär.Şonuň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da ählihalk bag ekmek dabarasy tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabaraly çäräniň dowamynda aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa dünýäde belent şöhrata mynasyp bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi bilen ynsan kalbyna oňyn täsir edýän ýakymly owazlaryň özboluşly sazlaşygyny döredýär.

Berkarar ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň her ýylda geçirilmegi mähriban Watanymyzyň çar künjeginiň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär. Bu işleriň Arkadag şäherinde hem talabalaýyk alnyp barylmagy, täze şäheriň binalarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.