Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçy hünärmenleriniň guramagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli «Ýurdumyzda şan getirýän bedewler» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş eden kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň ‹‹Atda wepa-da bar, sapa-da›› atly eserinde hem türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmaklygy barada belläp geçdiler şeýle hem, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde geçirilýän birnäçe abraýly festiwallarda yzygiderli çykyş edip, üstünlik gazanýandyklary, şunuň bilen, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesinde abraýynyň barha ýokarlanýandygy dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.