logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝURDUMYZDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILDI

26-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu işlere täze itergi berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kinologiýa toplumlarynyň hem-de merkezleriň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki abraýyny we şöhratyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl uly dabara bilen geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna daşary ýurtlardan köp sanly hünärmenler gatnaşýarlar.

Türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti we türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologiýa barlaglarynyň netijeleri beýan edilýär. Şeýle hem kitapda alabaýyň sakçy, goragçy we wepaly dost hökmündäki aýratynlyklary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Eseriň diňe türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen alabaýy, onuň wepadarlygy, batyrlygy we asylly häsiýetleri barada giňişleýin düşünje almagyna ýardam berýär.

...Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy we döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Hususan-da, şekillendiriş sungaty eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbine aýratyn orun berlipdir.


«Türkmenistan» gazeti