logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝURDUMYZYŇ BELENT ÜSTÜNLIKLERINI ÝAÝBAŇLANDYRÝAN HALKARA SERGISI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn gülleýär-ösýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçýar. Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mirasymyza, medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy” diýen röwşen pikir-garaýyşlary döwletimiziň ylym ulgamynda alnyp barylýan işlere, milli mirasymyzy öwrenmeklige täze döwrüň badalgasyny berýär.

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Sungat ojagymyzyň amaly-haşam sungaty, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri ýurdumyzyň belent sepgitlerini, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny, saglygy goraýyş hem-de bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünliklerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, sagdyn, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini açyp görkezýär. Halkara sergisindäki ajaýyp sungat eserleri sergä baran daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň ähmiýeti dogrusynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler.

Baky Bitarap, Garaşsyz ýurdumyzda asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, uly üstünliklere, täze sepgitlere ýetmäge, döredijilikli zähmet çekmäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!


Oguljan ANNAMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 3-nji ýyl talyby