logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

ÝURDUMYZYŇ IŇ GOWY ETRABYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BAÝRAGY GOWŞURYLDY

10-njy fewralda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde 2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak babatda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär. Beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden baýram edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Sakarçäge etraby durmuş, ykdysady, medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Bu barada 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi. Mejlisde döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak, şeýle hem 2025-nji ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini bäsleşikli esasda ösdürmek baradaky asylly ýörelge hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

...Ir bilen etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýüniň binasynyň öňünde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlanylyp, toý däpleri ýaýbaňlandyryldy. Ýörite guralan sergide etrabyň senetçileriniň, zergärleriniň taýýarlaýan amaly-haşam sungatynyň önümleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

«Türkmenistan» gazeti