logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» ady bilen aýdym-sazly maslahat geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň parahatçylyga, halallyga we adalatlylyga bolan belent garaýyşlaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini jemleýän mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň belent buýsanjy bolup durýandygy hakynda beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine eýerýän türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.