logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝURDUMYZYŇ SENAGAT TAÝDAN ÖSÜŞINIŇ NYŞANY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGASYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleriň oňyn netijeleri bolsa täze önümçilik toplumlarynyň döremegine, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şu günki waka «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabaraly ýagdaýda täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde guralan gurluşyk we senagat toplumynyň sergisini synlady.