logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek” ady bilen sergi gurnady.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ýurdyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak – bu diňe bir statistiki görkezijiler ösdürmek bolman, eýsem halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak, döwletimiziň halkara giňişligindäki ornuny berkitmek we geljekki nesiller üçin durnukly binýat döretmekdir. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp döwri peşgeş beren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.