logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÝÜREGIMIZDE WATAN WASPY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Ýüregimizde watan waspy» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Watan türkmen üçin ähli zatdan zyýada, dünýe malyndan artyk gymmatlykdyr. Watan biziň her birimiz üçin ezizdir, mukaddesdir. Türkmen mukaddes hasaplaýan zatlaryny aýap, apalap, jandan ezizläp söýmegi, gadymy döwürlerden bäri adat edinipdir. Watan mukaddesdir, onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da, müň bir derde dermandyr. Pederlerimiz bize watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýratlylygyň, gaýduwsyzlygyň, lebzi halallygyň, birsözlüligiň gaýtalanmajak nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda medeni we ruhy gymmatlyklarymyza bolan söýgüni has-da artdyrmakda, ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüjiligi, ilhalar we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegini gazanmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanda ,ýaşamana, döretmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.