logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ÝÜREGISIŇ ÝURDUMYŇ, AK ŞÄHERIM AŞGABAT Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilm

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2025-nji ýylyň 22-nji maýynda «Ýüregisiň ýurdumyň, ak şäherim Aşgabat» atly sergi açyldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, döwlet nyşanlarynyň fotosuraty bilen açylýar. Sergide paýtagtymyzdaky häzirki zaman ajaýyp desgalaryň we seýilgähleriň suratlaryny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren kitaplaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine serginiň görnükli ýerinde orun berilýär.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna “Binagärçilik we gurluşyk” žurnalynyň redaktory Atamyrat Şagulyýew, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň binagärlik kafedrasynyň mugallymy Gyzylgül Annageldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, Türkmenistanyň At gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Azady Myradow gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.